Eýran bilen Hindistanyň ykdysady arkalaşyklarynyň ösdürilmegi nygtaldy
Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Eýran mydama ähli ugurlarda Hindistan bilen saklaýan gatnaşyklarynyň ösdürilmegini nygtaýandyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Mojtaba Zulnuri şu gün Tehranda Hindistanyň ilçisi Geddam Dermendera bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň gowy derejededigine yşarat etmek bilen sebitde Amerikanyň döreden dartgynlylygyna we Eýrana garşy ýola berip duran zalymlykly täze gadaganlyklaryna garamazdan iki ýurt özara ykdysady gatnaşyklaryny we arkalaşyklaryny pugtalandyrmak üçin anyk programalary düzmelidirler diýip yglan etdi.
Mojtaba Zulnuri sebitiň dartgynlaşmagy ähli sebit ýurtlaryň zyýanynadyr diýmek bilen sebitde musulmanlaryň hak hukukyny göz öňüne almak bilen Keşmirde musulmanlaryň kynçylyklaryna ýetişiklik edilmegini nygtady.
bu duşuşykda Hindistanyň Tehrandaky ilçisi Geddam Dermandera hem Eýran bilen saklanylýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Hindistanyň daşary syýasatynda ýokary ähmiýete eýedigini aýtdy.