Sattari:Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky tehnologiýa arkalaşyklar pugtalandyrylýar
Eýranyň prezidentiniň tehnologiýa we ylmy işler boýunça orunbasary Tehran-Pekiniň Amerikanyň ýola berip duran gadaganlyklaryna garamazdan iki taraplaýyn arkalaşyklaryny ösdürjekdirler diýip yglan etdi.
Eýranyň prezidentiniň tehnologiýa we ylmy işler boýunça orunbasary Surena Sattari Hytaýyň Global Taims gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň tehnologiýa,nano tehnologiýa we uçarçylyk ylymlarynda gaty ösendigine yşarat edip bu ugurlarda Hytaý bilen giňden arkalaşmakçydygyny aýtdy.
Sattari şeýle-de gadaganlyklar her çen kynçylyklary döretýän bolsada emma pursat döredijidir we Eýran gadaganlyklar bilen garşylaşmakda köp ukyplara eýedir diýdi.
Eýranyň prezidentiniň tehnologiýa we ylmy işler boýunça orunbasary Surena Sattari Hytaýyň ylymlar ministrniň çakylygy we iki ýurduň döwrebap şereketleriniň arkalaşyklaryny ösdürmek maksady bilen geçen sişenbe güni Hytaýyň Şenzen şäherine bardy.