Eýran bilen Hytaý syýahatçylyk bölüminde arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6447-eýran_bilen_hytaý_syýahatçylyk_bölüminde_arkalaşyklaryň_ösdürilmegini_nygtadylar
Eýranyň syýahatçylyk we medeni miras ministri Aliasgar Munesan bilen Hytaýyň syýahatçylyk we medeni miras ministri Luo Şugang iki taraplaýyn arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 30, 2019 16:49 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Hytaý syýahatçylyk bölüminde arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar

Eýranyň syýahatçylyk we medeni miras ministri Aliasgar Munesan bilen Hytaýyň syýahatçylyk we medeni miras ministri Luo Şugang iki taraplaýyn arkalaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.

Hytaýa sapar eden Eýranyň syýahatçylyk we medeni miras ministri özüniň Hytaýly kärdeşi Şugang bilen duşuşanda Hytaýly maýa goýujylaryň Eýranyň syýahatçylyk bölüminde maýa goýum etmeklerini garşy aldy.

Eýran bilen Hytaý döwletleri iki milletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini garşy alýandyrlar we şu jähetde iki ýurduň arasynda syýahatçylyk arkalaşyklaryň ösdürilmegi gereklidir diýip Munesan aýtdy.

Hytaýyň syýahatçylyk we medeni miras ministri Luo Şugang hem bu duşuşykda iki ýurduň aýratynda syýahatçylyk arkalaşyklarynyň ösdürilmegini garşy aldy.

Eýranyň syýahatçylyk we medeni miras ministri Aliasgar Munesan esgi siwilizasiýalar maslahatyna goşulmak maksady bilen geçen penşenbe güni Pekine bardy.