Ardakaniýan:Eýran bilen Täjigistanyň ykdysady gatnaşyklarynyň göwrümi kabul ederlikli däldir
Eýran bilen Täjigistanyň ykdysady hyzmatdaşlyklar boýunça 13-nji ortak komissiýasynyň maslahaty şu gün Tehranda geçirildi.
Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň güýç ministri we Eýran bilen Täjigistanyň ykdysady hyzmatdaşlyklar boýunça ortak komissiýasynyň başlygy Reza Ardakaniýan bu maslahatyň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek şertleriň geçen ýyllara görä gowlaşandygyna yşarat edip şu esasda Täjigistanyň Eýran bilen saklaýan gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täsirli çäreleri ileri sürmegine garaşylýandyr diýdi.
Eýranyň güýç ministri şeýle-de Eýran bilen Täjigistanyň gatnaşyklarynyň we arkalaşyklarynyň ösüşiniň garşysyndaky böwetleriň ýok edilmegini isledi.
Täjigistanyň energetika we suw serişdeler ministri Osmanali Osmanzada hem Eýran bilen Täjigistanyň söwda dolanyşygynyň gaty etekdigini aýtmak bilen iki ýurduň ýokary potansiýallaryna garamak bilen bu dolanyşygyň artdyrylmagyny nygtady.
ol şeýle-de Täjigistanyň ösüş proýektlerinde Eýranly kompaniýalaryň huzurly bolmaklaryndan razylyk bildirmek bilen bu arkalaşyklaryň dowam etmegini isledi.