Aragçi:Eýran keseki güýçleriň Aziýanyň günbatarynda huzurly bolmaklary bilen tersleşýändir
(last modified Wed, 04 Dec 2019 11:22:24 GMT )
Dec 04, 2019 16:22 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:Eýran keseki güýçleriň Aziýanyň günbatarynda huzurly bolmaklary bilen tersleşýändir

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Aziýanyň günbatarynyň kynçylyklarynyň köki Amerikanyň dahylçylykly syýasatlaryna dolanýandyr diýmek bilen keseki gudratlaryň sebitde huzurly bolmaklary sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna ýardym edip bilmez diýip yglan etdi.

Tokio şäherine sapar eden Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi Ýaponiýanyň NHK tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýran Pars aýlagyndaky özüniň söwda gämileriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Ýaponiýanyň bu sebite goşun güýç ibermegine garşydyr diýip yglan etdi.

Aragçi şeýle-de özüniň düýn Ýaponiýanyň premýer ministri Şinzo Abe bilen geçiren duşuşygyna yşarat edip şol duşuşykda Ýaponiýanyň Aziýanyň günbatar sebitine goşun güýç ýollamagy bilen Tehranyň garşydygyny Abe-niň gulagyna ýetirdim diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary ýadro ylalaşygyň iş maslahaty baradaky soraga hem jogap berip gadaganlyklar ýatyrlan ýagdaýynda Eýran bu ylalaşygy doly suratda ýerine ýetirmäge taýýardyr diýip yglan etdi.