Aýatolla Mowahhedi Kermani ilatyň durmuş kynçylyklarynyň çözülmegini nygtady
Tehraniň juma namazynyň hatyby Eýran ilatynyň durmuş kynçylyklarynyň çözülmegini nygtady.
şu gün Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi Kermani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde duşmanlaryňEýranyň ykdysadyýetine urgy urmak üçin ileri sürýän hilelerine yşarat edip duşmanlar gadaganlyklar ýolundan öz şum maksatlaryna ýetip bilmez diýdi.
Eýranyň jogapkärleri çäre görüp duşmanlaryň hilelerini suwa dökmelidirler diýip Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ali Mowahhedi sözüne goşdy.
juma namazy okamaga baran Tehranly ýaşaýjylar şygar aýdyp Amerikanyň Eýran milletine garşy duşmançylykly syýasatlaryny ýazgaryp duşmanlaryň hileleriniň ýeňilýän wagtyna çenli çydam görkezilmeginiň dowam edilmegini nygtadylar.