Şamhani: terrorizm Owganystanyň iň möhüm kynçylygydyr
Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani terrorizmiň ösmegi we sebitdir sebitaşa ýurtlaryň käbirisiniň amansyzlygy dolandyrmak ugurda edýän tagallasy Owganystanda parahatçylyga we durnuklylyga howp abandyrýan iň möhüm kynçylykdyr diýdi.
şu gün Ali Şamhani Tehranda Hytaýyň milli howpsuzlyk ministri Çin Wan Çing bilen geçiren duşuşygynda ertir sebitleýin howpsuzlyk barada Tehranda geçiriljek maslahata agza ýurtlaryň bilelikde tagalla etmegi bilen sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi ýolunda oňyn ädimleri ardyp bolýandyr diýdi.
Hytaýyň milli howpsuzlyk ministri Çin Wan Çing hem Eýranyň milli howpsuzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani bilen geçiren duşuşygynda Hytaýyň Eýran bilen saklaýan gatnaşyklaryny möhüm wasp edip iki ýurdyň resmileriniň aragatnaşykda bolmagy Eýran bilen Hytaýyň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna badalga berjekdir diýdi.