Şamhani:Eýran bilen Orsýetiň arkalaşyklarynyň ösdürilmegi sebitiň durnuklylygy üçin gereklidir
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani terrorizme garşy göreşde Eýran bilen Orsýetiň üstünlikli arkalaşyklaryna yşarat etmek bilen sebitde hemişelik howpsuzlygy berkarar etmek üçin iki ýurduň arkalaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny nygtady.
şu gün Tehranda Orsýetiň milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew bilen duşuşan Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani sebit aşa ýurtlaryň aýratynda Amerikanyň sebiti durnuksyzlaşdyrmagyň yzyndadyklaryny aýtmak bilen sebit ýurtlary yzy-giderli hüşgärlik we sebitleýin arkalaşyklar bilen sebitiň durnuklylygyny gorap duşmanlaryň şerçiliklerini dep edip başarlar diýdi.
Şamhani şeýle-de Amerikanyň bikanun suratda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyna garşy bolmagyna hem-de Ýewropalylaryň ähdiýalanlyklarynyň netijesinde Eýranyň özüniň ýadroluk jogapkärçiliklerini azaltmagyndan arka çykmakda Orsýetiň boluşyndan gadyrdanlyk etdi.
bu duşuşykda Orsýetiň milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew hem Eýranyň döredijiligi bilen ýola berilip durulan sebitleýin howpsuzlyk gepleşikler maslahatyň dowam etmegini sebit ýurtlaryň sebitiň parahatçylygy barada jogapkärçilik duýýandygyny görkezýändir diýip yglan etdi.