Dec 18, 2019 18:13 Asia/Ashgabat
  • Tehranda sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriň ikinji maslahaty geçirildi

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani keseki gudratlaryň sebitde huzurly bolmaklaryny,ekstremizmi we terrorizmi sebitiň uly howplaryndan bildi.

Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani şu gün Tehranyň sebitleýin howpsuzlyk maslahatynyň 2-nji gününde beren gürrüňlerinde ekstremizm we terrorizm baradaky Eýranyň pozisiýasyny açyklap terrorizm we ekstremizm sebitiň uly belasydyr ol heniz hem dowam edip durandyr we sebitiň howpsuzlygyna we asudalygyna ýaramaz täsiri galdyryp durandyr diýip yglan etdi.

bu maslahata gatnaşan Orsýetiň milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew hem beren gürrüňlerinde Owganystanyň dürli sebitlerinde terrorçy toparlaryň huzurlarynyň güýjürgemeginden howatyrlanyp Amerika terrorçy DAEŞ toparynyň adamlaryny Siriýadan we Yrakdan Owganystana geçirip olardan arka çykýandyr diýdi

Amerikanyň Owganystandaky huzurynyň üstünden 18 ýylyň geçmegine garamazdan bu ýurtda durnuksyzlyk we gan döküşlik artandyr we parahat ilatyň öldürlip durmagy dowam edýändir diýip Patruşew aýtdy.

Hytaýyň milli howpsuzlyk ministri Çina Wong Çina hem bu maslahatda beren gürrüňlerinde howpsuzlyk,asudalyk we garaşsyzlyk Owganystanyň iň möhüm zerurlygydyr diýmek bilen ekstremizm we zora daýanmaklyk dünýäniň howpsuzlygyny howpa salyp duran zatlardyr diýip ynam bildirdi.

Tehranyň sebitleýin howpsuzlyk maslahaty Owganystan barada bolup şu gün Eýran,Orsýet,Hytaý,Hindistan,Özbegistan we Owganystan ýurtlaryň howpsuzlyk resmileriniň gatnaşmaklarynda geçirildi.

Tags