Musawi:Eýran agyr günlerdäki dostlaryny unutmaz
Eýran Yslam Respublikasy özüniň agyr günlerindäki dostlaryny hergiz unutmaz diýip Eýranyň daşary işler ministrniň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministrniň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün Irna habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Tehran bilen Moskwanyň arasyndaky ara-baglanşyklaryň geçmişine yşarat edip geçen iki asryň boýunda Tehran bilen Moskwanyň ara-baglanşygynyň inim çykymly bolmagyna garamazdan yslam ynkylabynyň üstünliginden soň iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýüzi ösüşe tarap bolandyr diýip ynam bildirdi.
Musawi Tehran bilen Moskwanyň ara-baglanşyklaryny görip bilmeýän taraplar bardyr diýmek bilen Eýran bilen Orsýet sebitleýin gudrat we iki goňşy ýurt höküminde biri birileriniň ýanynda durandyrlar diýip beýan etdi.
iki ýurt Siriýanyň dartgynlylygyna soň bermek ugurda hem arkalaşyp durandyrlar bu arkalaşyk netije berip barýandyr we Siriýada parahatçylyk berkarar bolan ýagdaýynda ol bütin sebite ornar diýip sözlerine goşdy.