Harrazi bilen Hytaýyň Tehrandaky ilçisiniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6613-harrazi_bilen_hytaýyň_tehrandaky_ilçisiniň_duşuşygy
Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Seýed Kamal Harrazi Eýran Yslam Respublikasy hemişe goňşy ýurtlar bilen parahatçylykly ara-baglanşygyň yzynda bolandyr we sebitdäki düşünişmezlikleri aradan aýyrmak ugurda ädilýän her bir ädimi garşy alýandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 24, 2019 19:30 Asia/Ashgabat
  • Harrazi bilen Hytaýyň Tehrandaky ilçisiniň duşuşygy

Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Seýed Kamal Harrazi Eýran Yslam Respublikasy hemişe goňşy ýurtlar bilen parahatçylykly ara-baglanşygyň yzynda bolandyr we sebitdäki düşünişmezlikleri aradan aýyrmak ugurda ädilýän her bir ädimi garşy alýandyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy Seýed Kamal Harrazi Hytaýyň Tehrandaky ilçisi Çaň Huwaň duşuşygynda Eýran tarapynyň Eýrana geljek Hytaýly syýahatçylar üçin wizani aýyrandygyny ýatladyp Eýranyň bu işi iki milletiň we iki ýurduň arasyndaky baglanşyklary artdyryp biler diýip ynam bildirdi.

Harrazi iki uly siwilizasiýa höküminde Eýran bilen Hytaýyň gadymdan gelýän gatnaşyklaryna yşarat edip durmuşky asyrda Eýran bilen Hytaýyň ara-gatnaşyklary ýörite orny bardyr diýdi.

bu duşuşykda Hytaýyň ilçisi hem Eýran bilen Hytaýyň ara-baglanşyklaryny strategik ähmiýetli bilmek bilen durmuşda iki ýurduň birek-biregi düşünmekleri artyp barýandyr diýip beýan etdi.