Welaýati:Eýran sebit ýurtlaryny bölmek ugurda duşmanlaryň yzarlaýan planlarynyň garşysynda durjakdyr
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça geňeşçisi Ali Akbar Welaýati Eýran sebit ýurtlaryny bölmek ugurda keseki ýurtlaryň edýän dahyllykly işleriniň we ýola berýän hileleriniň garşysynda durandyr diýip yglan etdi.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça geňeşçisi Ali Akbar Welaýati şu gün Tehranda Siriýadaky kowumlaryň ak sakallarynyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde olary Siriýadaky çydamyň sütünlerinden bilmek bilen Amerikanyň prezidenti özüniň akla sygmaýan pozisiýasynda Siriýanyň nebiti üçin bu ýurtda galmakdan gürrüň edýär onuň bu işi halkara kanunlaryň tersine we açyk ogurlyk etmeklikdir diýip beýan etdi.
Ali Akbar Welaýati şeýle-de Siriýa milletidir döwletiniň basymlykda Idlibi terrorçylaryň elinden azat etjekdiklerine we Foratyň gündogaryna musallat boljakdygyna yşarat etmek bilen bu sebitiň Siriýa degişlidigini aýtdy.
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça geňeşçisi sözüniň dowamynda Eýran bilen Siriýanyň strategik meňzeşliklerine şol sanda yslam we basyp alynan Palestinanyň azatlygyna yşarat edip sebit ýurtlaryň ykballary birek-birege baglydyr we bir ýurt hüjüm astyna alynsa beýleki ýurtlar biparh bolmaly däldirler we zulumyň garşysynda durmalydyrlar diýip beýan etdi.