Eýran bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini islediler
Eýran bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Pekin-de Hytaýyň daşary işler ministri WANG Yi bilen geçiren duşuşygynda Hytaýyň, halkara meseleleri şol sanda Eýrana degişli meseleleri hemaýatlamakdaky roly diýseň möhümdir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýrana garşy birtaraplaýyn gadaganlyklaryny tankyt edip halkara köpçüliginiň şu hili birtaraplaýyn işlere garşylaşmagyny we köptaraplaýyn hereketleri hemaýatlamagyny isledi.
Hytaýyň daşary işler ministri WANG Yi hem iki ýurdyň gadymdan gelýän aragatnaşyklaryna yşarat edip bu arabaglanşyklaryň kuwwatlandyrylmagyny nygtady.