Aýatolla Hatami:Amerikalylar indi dünýäde aralygyň ýüzüni görmezler
(last modified Fri, 03 Jan 2020 11:17:31 GMT )
Jan 03, 2020 16:17 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Hatami:Amerikalylar indi dünýäde aralygyň ýüzüni görmezler

Tehranyň juma namazynyň hatyby yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjüniň serkerdesi serdar sepahbod Gasym Suleýmanini şehit etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatyny ýazgarmak bilen Amerikalylar mundan beýläk jahanda aramlygyň ýüzüni görmezler diýdi.

Aýatolla Seýid Ahmet Hatami şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde şehit Gasym Suleýmanini ýadamaz göreşiji bilmek bilen serdar Suleýmani özüniň tagallalary bilen terrorçy DAEŞ toparyny ýok edendir diýdi.

Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de şehit Suleýmanini yslam dünýäsiniň halkara şahsyýeti bilmek bilen bu gün Yrak,Siriýa,Liwan we Ýemendäki çydam toplumlary şehit Suleýmaniň matymyndadyrlar diýmek bilen indi sebiti duşmanlardan arassalamagyň wagty bolandyr diýip beýan etdi.

Aýatolla Seýid Ahmet Hatami sözüniň dowamynda serdar Suleýmani mydama şehit bolmagyň arzuwyndady diýmek bilen Amerikalylar bilip goýsunlar şehit Suliýmaniň ganynyň ary alynjakdyr diýdi.ol şeýle-de şehit Gasym Suleýmaniň işi we ýoly dowam etjekdir diýip beýan etdi.

şu gün juma namazyndan soň Tehran bilen zamandaş Eýranyň boýdan başyndaky şäherlerinde ýol ýöreşleri geçirilip serdar Suleýmanini şehit etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýaty ýazgaryly ýazgaryldy.

bu ýol ýöreşlere gatnaşan Eýran halkynyň dürli gatlaglary Amerika we Ysraýyl režimlerine garşy şygar bermek bilen serdar Suleýmaniň arynyň alynmagyny islediler.