Haşad al-Şaabiň başlygy Eýran milletine we mertebesi belent ýolbaşça pata aýtdy
Yragyň Haşad al-Şaabi ýa-da şol halyk güýçleriniň başlygy Faleh Faýýaz Amerikanyň terrorçylykly hereketinde serdar Gasym Suleýmanini şehitlik derejesine ýetmegini Eýran milletine we Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysyna pata aýtdy.
şu gün Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleriň we ilatyň dürli gatlaglarynyň gatnaşmaklarynda Tehranda Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň adyny göterýän hoseýniýede şehit serdar Suleýmani we onuň ýaranlarynyň hatyryna gurnalan merasymda Faleh Faýýaz gürrüň berdi.
bu beýik we hormatly adamlaryň päk ganlarynyň Seýýed al-Şuhada Ymam Huseýin(as)yň topragynda ýere dökülmegi Yrak ilatyna gaty agyr düşendir diýip Faleh Faýýaz aýtdy.
Eýranyň üçlük güýçleriniň başlyklarynyň hem-de Yrakly orundarlaryň bir toparynyň gatnaşmaklarynda geçirilen ýaňky gadyrlanyş dabarada Yrak ilaty general Gasym Suleýmaniň aradan gitmegi üçin gaty gynanmak bilen onuň terrorizme garşy göreşde bitiren işlerinden arka çykýandyrlar diýip Faýýaz aýtdy.
Faýýaz şeýle-de Yragyň Haşad al-Şaabi güýçleriniň başlygynyň orunbasary bolan Abumahdei al-Mohandesiň hatyrasyny gadyrlap şehit al-Mohandes hem serdar Suleýmaniň ýanynda terrorçy toparlara garşy göreşendir diýip sözlerine goşdy.