prezident Ruhani Eýran bilen Wenesuelanyň ara-baglanşyklarynyň ösdürilmegini nygtady
Eýranyň prezidenti Tehran bilen Karakasyň ara-baglanşyklaryny oňaýly we dostlukly bilmek bilen bu ara-baglanşyklaryň gün saýyn ösdürilmegini nygtady.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Tehranda Wenesuelanyň daşary işler ministri Jorge Arreazayň duşuşygynda iki ýurduň dostlukly ara-gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy bir dost ýurt höküminde özüniň Wenesuela bilen saklaýan arkalaşyklaryny ösdürmäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Eýran bilen Wenesuela ýurtlary bütin ugurlarda şol sanda energiýa,magdan,ylmy we tehnologiýa ugurlarda ýakyn arkalaşyklary saklap bilerler diýip prezident Ruhani aýtdy.
Eýranyň prezidenti şeýle-de Amerikanyň Eýran bilen Wenesuela döwletlerine we milletlerine berýän basyşlaryna yşarat edip şeksiz dünýäniň garaşsyz milletleri Amerikanyň bu işleriniň garşysynda durup ahyrda üstünlik çydam görkezýän milletler bilen boljakdyr diýip sözlerine goşdy.
prezident Ruhani şeýle-de general Gasym Suleýmaniň şehit edilmegi mynasybetli Wenesuela döwletiniň we milletiniň bildiren duýgydaşlyklary üçin gadyrdanlygyny bildirip general Suleýmaniň şehit edilmegi dünýäniň azada milletleriniň we döwletleriniň gynanmaklaryna we Eýran milletiniň hem Amerika döwletinden gaty gaharda bolmagyna sebäp bolandyr diýip beýan etdi.
bu duşuşykda Wenesuelanyň daşary işler ministri hem general Gasym Suleýmaniň Amerika tarapyndan terror edilmegini pata aýdyp şeksiz dünýäniň garaşsyz milletleri we döwletleri Amerikanyň basyşlarynyň we hileleriniň garşysynda berk durjakdyrlar diýip nygtady.