Wenesuela ABŞ-ny aýyplady
Wenesuela Amerikany içerki işlerine goşulmakda aýyplady.
Roýter habar gullugynyň habaryna görä, Wenesuelanyň hökümeti düýn beren beýanatynda ABŞ-nyň 2024-nji ýylda geçiriljek Wenesuelanyň prezident saýlawyna bolan pozisiýasyny tankytlady we muny içerki işlerine gatyşmak diýip atlandyrdy.
Wenesuelanyň hökümeti bu beýannamada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wenesuelanyň içerki işlerine goşulmak baradaky täze çemeleşmesini düýbünden ret edýändigini we garaşsyz ýurt hökmünde hereketlerini goraýandygyny mälim etdi.
2019-njy ýyldan bäri Amerikan hökümeti Wenesuelanyň kanuny hökümetini agdarmak ugrundaky tagallalaryny köpçülige mälim etdi we şeýlelik bilen Wenesuelanyň hökümetine garşy çykýanlaryň lideri "Huan Guaido" özüni bu ýurduň prezidenti diýip atlandyrdy we Günbatar ýurtlary hem ony tanadylar.