Aýatolla Mowähedi Kermani:asryň söwdasy diýen taslama hökman şowsuzlyga uçrar
(last modified Fri, 31 Jan 2020 12:05:24 GMT )
Jan 31, 2020 17:05 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Mowähedi Kermani:asryň söwdasy diýen taslama hökman şowsuzlyga uçrar

Tehranyň juma namazynyň hatyby Amerikanyň Sionistik asryň söwdasy diýen taslamasyny ýazgaryp bu taslama hökman şowsuzlyga uçrar diýip nygtady.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp geçen sişenbe güni Sionist režiminiň premýer ministri bilen birlikde asryň söwdasy diýen taslamany görnüşe çykardy.

Kudusy Sionist režimiň paýtagty höküminde ykrar etmeklik,Iordaniýa akarynyň günbatar kenaryň ýüze 30 topragyny Sionist režimine bermek,Palestinaly awaralaryň öz watanlaryna dolanmaklary bilen tersleşmek şeýle-de Palestinalylary doly suratda ýaragdan boşatmaklyk bu taslamanyň möhüm taraplaryny ybaratlaýar.

Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammetali Mowähedi Kermani şu gün bu şäheriň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde asryň söwdasy diýen taslamany asryň uly horlyk we dönüklik taslamasy bilmek bilen bu taslama kä Arap döwletleriniň Palestinalylaryň ber hak hukuklaryny ýok edip bilmez diýip ynam bildirdi.

Aýatolla Mowähedi Kermani dünýäniň azada ynsanlary we milletleri bu taslamany ýazgarýandyrlar diýmek bilen çydam toplumy Amerika bilini omrup Palestinany azat etjekdir diýdi.

ol duşmanlaryň çydam toplumyny ýaragdan boşatmagyň yzyndadyklaryna yşarat edip Amerikalylar özleriniň bu arzuwlaryny göre äkiderler diýip sözlerine goşdy.

Tehranyň juma namazyna gatnaşan ilat hem Sionistik asryň söwdasy diýen taslamany ýazgaryp Palestina ilatyndan arka çykmakda şygar berdiler.