Musawi , Fransiýanyň Eýranyň kosmos işlerine gatyşmagyny ret etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6982-musawi_fransiýanyň_eýranyň_kosmos_işlerine_gatyşmagyny_ret_etdi
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili seýed Abbas Musawisoňky wagtlarda Eýranyň kosmos işlerine gatyşmak ugurda Fransiýanyň çykaran beýannamasyny ret etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 11, 2020 19:01 Asia/Ashgabat
  • Musawi , Fransiýanyň Eýranyň kosmos işlerine gatyşmagyny ret etdi

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili seýed Abbas Musawisoňky wagtlarda Eýranyň kosmos işlerine gatyşmak ugurda Fransiýanyň çykaran beýannamasyny ret etdi.

Fransiýanyň daşary işler ministrligi duşenbe güni bir beýannama çykaryp Eýranyň emeli hemrasyny orbita uüurmagyny ýazgarmak bilen bu iş Eýranyň halkara ygrarlaryna we BMG-iň howpsuzlyk geňeşini 2231-nji kararhatyna garşydyr diýip toslady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili seýed Abbas Musawisoňky wagtlarda Eýranyň kosmos işlerine gatyşmak ugurda Fransiýanyň çykaran beýannamasyny ret etmek bilen bu iş ylym we tehnologiýasyny ösdürmek ugurdaky Eýranyň esasy hakydyr diýip nygtady.

Musawi şeýle-de Eýranyň goranyş esasyndaky raketa işleriniň BMG-iň howpsuzlyk geňeşini 2231-nji kararhatyna degişli ýeri ýokdyr sebäbi ýadro ýaraglary götermek üçin taslanan däldir diýip yglan etdi.