Feb 16, 2020 20:11 Asia/Ashgabat
  • Larijani bilen Assad Damaskda duşuşdylar

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy bilen Siriýanyň prezidenti şu gün Damaskda duşuşyp gürrüň etdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy Ali Larijani bilen Siriýanyň prezidenti Başar Assad şu gün geçiren ýaňky duşuşyklarynda sebitiň soňky özgerişleri we Siriýanyň demirgazyk günbataryndaky söweş meýdanlarda çydam göreşjeňleriň gazanan üstünlikleri barada pikir alyşdylar.

Larijani bilen Assad şeýle-de keseki ýurtlar tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar bilen garşylaşmakda sebitleýin arkalaşyklaryň zerurlygyny aýtmak bilen bu ýurtdaky terrorçylaryň ýok edilmegini nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy Ali Larijani Siriýanyň ýokary derejeli jogapkärleri bilen duşuşmak maksady bilen şu gün bir parlamentlik topara baştutanlyk edip Damaska bardy.

Tags