Fransiýa Amerikanyň islegini ret edip Eýranly raýaty azatlyga goýberdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7238-fransiýa_amerikanyň_islegini_ret_edip_eýranly_raýaty_azatlyga_goýberdi
Eýranyň kazyýet güýjüniň metbugat wekili Golamhuseýin Ismaili Fransiýada Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny aýak aşaga salmakda aýyplanyp tutulan Eýranly inžener Jalal Ruhollanežadyň azatlyga goýberilendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 21, 2020 18:25 Asia/Ashgabat
  • Fransiýa Amerikanyň islegini ret edip Eýranly raýaty azatlyga goýberdi

Eýranyň kazyýet güýjüniň metbugat wekili Golamhuseýin Ismaili Fransiýada Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklaryny aýak aşaga salmakda aýyplanyp tutulan Eýranly inžener Jalal Ruhollanežadyň azatlyga goýberilendigini habar berdi.

Ruhollanežad Amerikanyň Fransiýa topragynda ýola beren piltigi bilen esassyz aýyplanyp türmä basyldy emma Eýranyň kazyýet güýjüniň gören çäreleri bilen we halkara derejesinde mesenäniň yzarlanylmagy bilen azat boldy diýip Eýranyň kazyýet güýjüniň metbugat wekili Golamhuseýin Ismaili aýtdy.

Ismaili bu Eýranly inženeriň,mundan ozal Eýranda içalylylykda aýyplanyp tutulan bir Fransiýaly adam bilen çalyşylmagyna yşarat edip Eýran kuwwatlylyk bilen bu meseläni yzarlap netijä ýetirmegi dünýäniň hiç bir ýerinde Eýranlylaryň hak hukuklarynyň köýdürilmejekdigi barada Amerikalyk adam hukukyny toslaýanlara bir sargyt bolmagyny umyt edýärin diýip yglan etdi.

Fransiýanyň raýaty bolan Roland Gabriel Marşal Eýranyň milli bäfitleriniň we howpsuzlygynyň tersine hereket etmekde aýyplanyp Tehranyň sudýasy tarapyndan 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. ol türmede öz jezasyny çekip ýördi welin düýn galan jezasy geçilip azatlyga goýberilmek bilen Tehrandaky Fransiýanyň ilçihanasynyň erkinde goýuldy.

Eýranly inžener Ruhollanežad geçen ýyl Amerikanyň adalatçylyk ministrliginiň islegi bilen Fransiýanyň günortasynda Nise howa menzilinde tutulypdy.