Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy jan aýamazlar güni mynasybatly sargyt berdiler
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Bani Haşemiň kamary bolan hezret Abolfazyl al-Abbasyň gutly dünýä gelen gününiň ýyllygynyň we jan aýamazlar gününiň gelip ýetmegi babatly beren sargytlarynda yslam ynkylabynyň jan aýamazlarynyň orun mertebesini gadyrladylar.
Karbalanyň baýdakdary diýen oruna eýe bolan Abolfazyl al-Abbasyň bagtly dünýä gelen güni yslam ynkylabynyň jan aýamazlaryna haslanmagy bir buýsançdyr şeýle bir günüň gelip ýetmegini eziz jan aýamazlara gutlaýaryn diýlip Aýatolla Hameneýi hezretleriň ýaňky sargydynda getirilýär.
siz jan aýamazlar, jandan geçen mujahitlar we diri şehitlerdirsiňiz we Allanyň berjek serpaýy bilen gözüňiz we ýüregiňiz aýdyň bolar diýip hezretleri nygtadylar.
Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de biri baryň keremli dergäsinden jan aýamazlara we olaryň içeri maşgalalaryna jan saglyk,baş ýokarylyk we soňlarynyň haýyra çatmaklaryny dilediler.
şu gün Mert aýynyň 4-nji güni hezret Abolfazyl al-Abbasyň bagtly dünýä gelen güni bilen barabar Eýranda jan aýamazlar günidir.