Apr 02, 2020 17:43 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Eýran uruş isleýjileri puşman eder

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Amerikanyň prezidenti Donald Trump-a garap Eýran uruşy başlamaz ýöne uruş isleýjileri puşman eder diýip beýan etdi.

şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif twitter sahypasynda Donald Trumpyň baýak Eýrana garşy aýdan toslamalarynyň jogabynda jenap Trump ýene bir gezek hemişe uruşyň yzynda bolan uruş isleýjiler tarapyndan aldanmaň Eýranyň dostlary bardyr ýöne hiç kimiň sebitde ýerine uruşýan millionlarça adamsy bolup bilmez diýdi.

aldawçy we terrorçy Amerika döwletiniň tersine Eýran diňe özüni goramak üçin hereket edýändir diýip Eýranyň daşary işler ministri aýtdy.

Amerikanyň prezidenti Donald Trump çarşenbe güni twitter sahypasynda hiç hili subutnama bermäni Eýran ýada bu ýurduň Yrakdaky ýaranlary Amerikanyň harbylaryna ýada olaryň ýerleşen mekanlaryna duýdansyz hüjüm etmegi meýilleşdirýändirler diýip toslamak bilen şeýle ýagdaý ýüze çyksa Eýran hakykatdan agyr bahany tölär diýdi.

Tags