Zarif: Pompeo "iň ýokary basyş" ýeňilenden soň ýadro ylalaşygyň hyzmatdaşy bolmak isleýär
(last modified Mon, 27 Apr 2020 14:11:09 GMT )
Apr 27, 2020 19:11 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Pompeo

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmek kararyny Yslam respublikasyna garşy iň ýokary basyş syýasatynyň masgaraçylykly ýeňlişiniň netijesi diýip atlandyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni agşam twitter hasabynda şeýle ýazdy: "Iki ýyl ozal Amerikanyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo we prezidenti" iň ýokary basyş syýasaty " Eýrany dyza çökerder diýen güman bilen ileri äkitdiler.

Zarif, iň ýokary basyşyň masgaraçylykly ýeňlişinden soň, Pompeonyň indi ýadro ylalaşygyň hyzmatdaşy bolmak isleýändigini aýtdy: Düýş görmegi bes et: Eýran halky hemişe öz ykbalyny özi kesgitleýändir diýdi.

“Nýu-Yorkork Taýms” ýekşenbe güni gije ABŞ-nyň şu ýylyň 18-nji oktýabrynda ýadro şertnamasy boýunça ýatyrylan Eýranyň ýarag embargosyny uzaltmaga synanyşýandygyny habar berdi.

Tags