Eýran Türkmenistan bilen Sarahs demir ýol serhedini açmaga taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7560-eýran_türkmenistan_bilen_sarahs_demir_ýol_serhedini_açmaga_taýýardyr
Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs etrabynyň häkimi Eýranyň Türkmenistan bilen Sarahs demir ýol serhedini açmaga taýýardygyny mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 06, 2020 09:56 Asia/Ashgabat
  • Eýran Türkmenistan bilen Sarahs demir ýol serhedini açmaga taýýardyr

Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Sarahs etrabynyň häkimi Eýranyň Türkmenistan bilen Sarahs demir ýol serhedini açmaga taýýardygyny mälim etdi.

Sarahs etrapynyň häkimi Muhammet Reza Rajabi Moghaddam çarşenbe güni IRNA habar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde otly wagonlaryny dezinfeksiýa etmek we Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdasyny gaýtadan ýola bermek indiki hepde Tähran we Aşgabat resmileriniň tassyklamagyndan soň Sarahs demir ýol serhedinden gaýtadan başlajakdygyny aýtdy.

Rajabi Moghaddam sözüniň dowamynda Wagonlary dezinfeksiýa edensoň, Eýranly lokomotiw otlydan aýrylar we serhetiň iki tarapyndaky demirýol işgärleri bilen aragatnaşyk saklamazdan we türkmen lokomotiwleri wagonlara birikdiriler we söwda wagonlary Merkezi Aziýanyň demir ýol ulgamynda işlemegini dowam etdirer.

Sarahs serhet geçelgesi, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 2-nji aprelde türkmen hökümeti tarapyndan wagtlaýyn ýapyldy.

Geçen ýyl (2019) Sarahs demir ýol serhedinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna bir million tonnadan gowrak haryt eksport edildi.