Ruhani: ABŞ Eýran tankerleri üçin kynçylyk döretse, garşylykly çäre göreris
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Karib deňzindäki käbir Amerikan hereketlerine salgylanyp, Dünýäniň islendik ýerinde eýranly tankerler amerikalylar tarapyndan kynçylyk çekýän bolsa, olar hem kynçylyk çeker diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Sani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde, sebit howpsuzlygynyň Eýran üçin möhümdigini aýdyp Yslam respublikasynyň özygtyýarlylygyny, territorial bitewiligini we milli bähbitlerini goramak üçin elmydama kanuny hukugy bardyr we Tehran Amerikalylaryň ýalňyşmazlygyny umyt edýär diýip nygtap geçdi.
Ruhani, Günbatar Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny, esasanam deňiz howpsuzlygyny sebitiň ýurtlary üpjün etmelidigini aýtdy we Eýranyň bu meselede goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny yglan etdi.
Eýranyň prezidenti, Tehran bilen Dohanyň arasyndaky gatnaşyklary dostlukly we strategiki hasaplady we koronawirusynyň ýaýramagyna garamazdan, Eýran we Katar portlaryndan harytlaryň geçirilmegi ýuwaş-ýuwaşdan dowam etdiriler we iki ýurduň arasynda uçuşlar dowam etdiriler diýip umyt bildirdi.
Kataryň emiri, Eýran bilen ähli ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ünsi çekdi we Eýran bilen Kataryň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň iki ýurduň arasynda bilelikdäki ykdysady ýygnak geçirmek arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt bildirdi.