Musawi: Eýran häkimiýet usullaryna bihormatçylyk edilmegini çydamaz
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Fransiýanyň Daşary işler ministriniň beýlekileriň işlerine gatyşmak esasyndaky sözleriniň jogabynda Eýran Yslam Respublikasy dolandyryşyň ýörelgelerine, şol sanda kazyýet garaşsyzlygyna bihormatçylyk edilmegini asla kabul etmez diýip yglan etdi.
Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Yw Le Drian sişenbe güni Eýran-Fransuz raýaty Fariba Adelhanyň iş kesilmegine jogap hökmünde interwensiýa beýanatynda Şondan beýläk Tehran bilen gatnaşyklar has kynlaşdy diýdi.
Eýran-Fransuz raýaty Fariba Adelkhah ýakynda Eýranda içalyçylyk edenligi üçin tussag edildi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi çarşenbe güni "Eýranyň raýatlaryna garşy jenaýat" derňewiniň diňe "Eýran kazyýetleriniň" ygtyýaryndadygyny aýdyp kazyýetde bu dosýä garaldy we hanym Adelhaha raýatlyk hakyndan paýlydyr diýdi.