Bagheri Käni:Eýranyň kazyýet güýji Eýran milletiniň hak hukugynyň depelenmeginiň garşysynda dymmaz
Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuk we halkara işler boýunça orunbasary Ali Bageri Käni Eýranyň kazyýet güýji Eýran milletiniň birin we ilin hak hukuklarynyň bozulmagynyň garşysynda dymyp oturmaz we Eýrana degişli şereketleriň hak hukuklaryny goramak ugurda özüniň erkindäki bütin ukyplary we mümkinçilikleri işe alar diýip yglan etdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuk we halkara işler boýunça orunbasary Ali Bageri Käni Fransiýanyň Tährandaky ilçisi Filipp Tibud bilen duşuşyp, Ýewropa kompaniýalarynyň Eýran kompaniýalary bilen baglaşan şertnamalarynyň birtaraplaýyn ýatyrylmagyny tankytlady.
Bagheri Käni şeýle-de ýewropalylaryň Eýranyň hususy we döwlet pudaklaryna ygrarlylygy üçin jogapkärçilik çekmelidigini nygtap Soňky dört onýyllygyň dowamynda Günbataryň Eýran halky bilen gapma-garşylygynyň düýp sebäbi, Eýranyň halklaryň hukuklaryna üýtgewsiz ygrarlylygy we öz hukuklaryny goramak ugrundaky tagallalary bolandyr diýip beýan etdi.
Fransiýanyň Tährandaky ilçisi hem bu duşuşykda Parižiň Eýranyň garaşsyzlygyna we Yslam respublikasynyň sebitdäki we dünýädäki roluna hormat goýýandygyny aýtmak bilen Fransiýa garaşsyzlyga, birek-birege hormat goýmaga we sebitleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurtlaryň roluna ýokary baha berýändigini aýtdy.