Eýran bilen Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň Sebit meseleleri barada geňeşmeleri
Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkiýäniň daşary işler ministrleri Astana we sebit meselelerinde wirtual sammit geçirmek baradaky ylalaşygy we terrorçylyga garşy göreş meselesi barada gürrüň etdiler.
Türkiýe ýurduna sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Türk kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen duşuşygynda koronanyň ýaýramagyna garşy göreşmekde raýdaşlygy we goldawy nygtamak bilen soňky dört aýyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň azalmagynyň öwezini dolmagyň ýollaryny barada gürrüň etdi.
Şeýle hem Zarif, gaz eksportyny täzeden başlamagyň we gaz turbasynyň zeper ýeten bölegini abatlamagyň zerurdygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam türk resmileri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we halkara meseleler barada gürrüň etmek üçin bir topara ýolbaşçylyk edip bu ýurda barandyr.