Musawi: Eýran we Hytaý häkimiýetleriniň syýasy islegi strategiki gatnaşyklary ösdürmekdir
Tehran bilen Pekiniň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna salgylanyp, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: "Eýran we Hytaý resmileriniň syýasy islegi ikitaraplaýyn strategiki gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak" diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýid Abbas Musawi çarşenbe güni Eýran bilen Hytaýyň arasynda 25 ýyllyk ýol kartasynyň döredilmegi baradaky köp sanly ýalan aýyplamalara jogap edip Eýranyň we Hytaýyň prezidentleriniň arasynda 2016-njy ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda iki ýurt strategiki gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin syýasy isleglerini aç-açan beýan etdiler we syýasy gatnaşyklaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegine esas döretmek üçin Tehran bilen Pekiniň arasynda 25 ýyllyk giňişleýin karta düzmek kararyna geldiler. bu karta Eýranyň we Hytaýyň ýakyn ýyllarda köpugurly ykdysady we syýasy ösüşlerine esas bollmagyna şert döredip biljekdir diiýp yglan etdi.
Musawi, Eýran-Hytaý hyzmatdaşlygy resminamasynyň başlangyç taslamasynyň iki ýurduň ýöriteleşdirilen guramalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanandygyny we häzirki wagtda gepleşik etabynda durýandygyny aýdyp Gepleşikler gutarandan soň resminama kazyýet işi üçin Eýranyň Yslam şura mejlisine hödürlener diýdi.