Zarif: Amerika pitneçi döwlete öwrüldi / Saud Arabystany oýanmalydyr
Eýranyň daşary işler ministri Orsýetiň Sputnik habar gullugyna beren interwýusynda Amerikanyň pitneçi we kanunlary bozýan döwlete öwrülendigini aýtdy.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif "Sputnik" habar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň hökman pitneçi we kanunlary bozýan döwlete öwrülendigine yşarat edip Şeýle-de bolsa, bu ýurt käbir bank mümkinçilikleri we Bütindünýä bankynyň ulgamyna täsiri bardyr diýdi.
Zarif şeýle-de durmuşda Halkara jemgyýetçiligiň, ABŞ-nyň dünýä bank ulgamynda agalyk etmegini ykrar etmegiň zerurdygyny ýa-da üýtgetmelidigini ara alyp maslahatlaşýandygyna yşarat edip Bu ugurda görülýän çärelere şaýat bolýarys diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Saud Arabystany bilen gatnaşyklary dikeltmek üçin haýsy çäreleri görendigi barada berilen soragyň jogabynda:Tähran Riýad bilen hyzmatdaşlyga taýyndyr diýdi.
"Zarif" Saud Arabystanynyň resmileriniň maksadynyň ABŞ bilen arkalaşyp urşy başlamak we ondan peýdalanmakdygyny aýtmak bilen Saud Arabystany Ysraýyl we ABŞ bilen hyzmatdaşlyga ünsi çekmegiň ýerine, oýanyp, sebitde hemişe ýanynda bolanlar bilen gürleşmelidir diýip belläp geçdi.