Tehran-Daşkent ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge üns berýärler
(last modified Sun, 26 Jul 2020 06:30:05 GMT )
Jul 26, 2020 11:30 Asia/Ashgabat
  • Tehran-Daşkent ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge üns berýärler

Eýran Yslam Respublikasynyň Ykdysady meseleler boýunça wise-prezidenti we Özbegistanyň Daşary söwda we maýa goýum ministri ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegini nygtadylar.

Şenbe güni agşam, Eýran Yslam Respublikasynyň Ykdysady meseleler boýunça wise-prezidenti Muhammet Nahawandian, Özbegistanyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary söwda we maýa goýum ministri Sardor Umurzakow bilen geçirilen wideo konferensiýada Iki ýurduň taryhy, medeni we dini mümkinçiliklerini we umumylyklaryny ýatlap: "Häzirki wagtda iki hökümetiň arasynda bar bolan çynlakaý karar bilen Tehran-Daşkent gatnaşyklarynyň giňelmegi dürli ugurlarda çaltlaşdy" -diýdi.

Nahawandian, 2019-njy ýylda Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 40% ýokarlandygyny aýtdy.

Özbegistanyň premýer ministrniň orunbasary we Daşary söwda we maýa goýum ministri Sardar Omar Zakow hem bu  wideo konferensiýada  Eýranyň, Özbegistanyň möhüm we görnükli hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.

ol şeýle-de Daşkent, ykdysady we ösüş taslamalarynda eýranly maýadarlaryň we tehniki inženerçilik kompaniýalarynyň bardygyny garşylaýar we olaryň işini goldaýar we iki ýurduň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär diiýp sözüne goşdy.

Tags