Tehran-Daşkent ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge üns berýärler
Eýran Yslam Respublikasynyň Ykdysady meseleler boýunça wise-prezidenti we Özbegistanyň Daşary söwda we maýa goýum ministri ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegini nygtadylar.
Şenbe güni agşam, Eýran Yslam Respublikasynyň Ykdysady meseleler boýunça wise-prezidenti Muhammet Nahawandian, Özbegistanyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary söwda we maýa goýum ministri Sardor Umurzakow bilen geçirilen wideo konferensiýada Iki ýurduň taryhy, medeni we dini mümkinçiliklerini we umumylyklaryny ýatlap: "Häzirki wagtda iki hökümetiň arasynda bar bolan çynlakaý karar bilen Tehran-Daşkent gatnaşyklarynyň giňelmegi dürli ugurlarda çaltlaşdy" -diýdi.
Nahawandian, 2019-njy ýylda Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 40% ýokarlandygyny aýtdy.
Özbegistanyň premýer ministrniň orunbasary we Daşary söwda we maýa goýum ministri Sardar Omar Zakow hem bu wideo konferensiýada Eýranyň, Özbegistanyň möhüm we görnükli hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.
ol şeýle-de Daşkent, ykdysady we ösüş taslamalarynda eýranly maýadarlaryň we tehniki inženerçilik kompaniýalarynyň bardygyny garşylaýar we olaryň işini goldaýar we iki ýurduň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär diiýp sözüne goşdy.