Ruhani Özbegistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Özbegistanyň hökümetini we halkyny u ýurduň garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady.
şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýe ýüzlenip ýollan sargydynda Medeni umumylyklaryň we iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki tagallalaryň global Corona krizisiniň çäginde özara gatnaşyklary giňeltmekde we goldamakda möhüm rolynyň bardygyny aýtdy.
Ruhani, iki ýurduň bähbitlerini üpjün etmek üçin Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da güýçlenjekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna umyt bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu ýüzlenmesinde Özbegistan hökümetine we halkyna saglyk, üstünlik, we abadançylyk arzuw etdi.
Özbegistan 1991-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etdi.