Rabiei: Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasyndaky dawanyň parahatçylykly çözgüt ýoly bar
Eýranyň döwletiniň metbugat wekili Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky düşünişmezligiň parahatçylykly çözgüt ýolunyň bardygyny aýtmak bilen Eýran, Türkiýe we Orsýet Bakuw-Ýerewan dawasyny BMG-nyň kararlaryna laýyklykda parahatçylykly çözmäge kömek edip biljekdigini aýtdy.
Eýranyň döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei sişenbe güni metbugat ýygnagynda Yslam respublikasynyň sebitde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmaga kömek etmäge taýýardygyny nygtamak bilen"Azerbaýjan respublikasy we Ermenistan medeni umumylyklaryna daýanmak bilen häzirki krizise parahatçylykly ýol tapyp biler"diýdi.
Rabiei, şeýle hem käbir arap ýurtlary bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy we sebitde dawa uruşyň bolmagy baradaky soragyň jogabynda 15 ýyldan gowrak wagt bäri käbir arap ýurtlary bilen Ysraýyl režiminiň arasynda ýakyn howpsuzlyk gatnaşyklary bar we bu ABŞ-nyň prezident saýlawlary üçin propaganda işidir diýdi.
Rabiei, Ysraýyl režiminiň käbir ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň kadalaşmagynyň Eýranyň milli howpsuzlygyna hiç hili täsiriniň ýokdugyny aýtmak bilen Ysraýylyň bu ýurtlaryň içerki we daşarky işlerine gatyşmagy sebäpli käbir arap ýurtlarynyň howpsuzlygy howp astyndadyr diýdi.