Ruhani Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň ýyl dönümini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň ýyl dönümini gutlaýan hatynda Tähran bilen Pekiniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giňelmegini nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Hytaýyň prezidenti Şi Ji pinge hat ýazyp, Hytaý hökümetini we halkyny Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 71 ýyllygy bilen gutlamak bilen Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky Medeni umumylyklardan, uzak möhletli taryhy gatnaşyklaryň taryhyndan we iki ýurduň halkara ösüşe bolan garaýşyndan we birtaraplaýynlyga garşy göreşmekden gelip çykýan hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň meýdany açandyr diýdi.
Ruhani, iki ýurduň arasynda 25 ýyllyk giňişleýin strategiki hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň jemlenmeginiň we gol çekilmeginiň umumy bähbitleri ösdürmäge, halkara parahatçylygy we durnuklylygy öňe sürmekde we birtaraplaýynlyga garşy möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tähran bilen Pekiniň arasyndaky Korona wirusyna garşy göreşde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ünsi çekdi we şeýle diýdi: “Eýran Korona sanjymyny bilelikde öndürmek meselesinde Hytaý bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr.
1949-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Mao Tese Tong Týananmen meýdançasynyň gapdalyndaky binada Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini habar berdi.