Welaýati: Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky dawasy üçin harby çözgüt ýok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8942-welaýati_ermenistan_bilen_azerbaýjan_respublikasynyň_arasyndaky_dawasy_üçin_harby_çözgüt_ýok
Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasyndaky Nagorno-Garabag çaknyşygy baradaky dawa ünsi çekip, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň Halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi bu konfliktiň harby çözgüdüniň ýokdugyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 06, 2020 14:30 Asia/Ashgabat
  • Welaýati: Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky dawasy üçin harby çözgüt ýok

Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasyndaky Nagorno-Garabag çaknyşygy baradaky dawa ünsi çekip, Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň Halkara gatnaşyklary boýunça geňeşçisi bu konfliktiň harby çözgüdüniň ýokdugyny aýtdy.

Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň Halkara gatnaşyklary boýunça ýokary geňeşçisi Ali Akbar Welaýati, Tehranda ýerleşýän Keýhan gazetine şu gün (sişenbe) beren interwýusynda Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky konfliktiň syýasy taýdan çözülmelidigini nygtap Eýran, islendik tarapyň harby hereketine garşy, sebäbi Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky söweşde ýeňiljekler halkdyr diýip nygtady.

Welaýati, Eýran Yslam Respublikasynyň Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda araçylyk we parahatçylyk üçin hiç hili kömekden gaýra durmajakdygyny aýtdy.