Ruhani: Eýran terrorçylaryň serhetýaka sebitlerinde bolmagyna rugsat bermez
(last modified Wed, 07 Oct 2020 12:15:41 GMT )
Oct 07, 2020 17:15 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran terrorçylaryň serhetýaka sebitlerinde bolmagyna rugsat bermez

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, serhetýaka sebitlerimizde terrorçylaryň bolmagyna ýol berilmejekdigini belläp, bu meseläniň kabul edilip bilinmejekdigini we goňşy ýurtlaryň resmilerine aç-açan yglan edilendigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda Ermenistan we Azerbaýjan respublikasynyň ýokary wezipeli adamlary bilen gürrüň edendigine yşarat edip gepleşiklerde Azerbaýjan respublikasynyň territorial bitewiligini goramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, emma Eýranyň ynamy boýunça hiç bir meseläni konflikt we uruş arkaly çözüp bolmaz we Tähran başga ýollaryň gözlenmelidigine ynanýar diýdi.

Ruhani: "Eýran, käbir adamlara esassyz bahanalar bilen Yslam respublikasynyň Siriýada ençeme ýyl bäri söweşip gelýän  terrorçylary Eýranyň serhet nokatlaryna getirmegine rugsat bermez diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky söweşiň sebitleýin söweşe öwürilmegi barada duýduryş bermek bilen bu gapma-garşylygy güýçlendirmek isleýänler, onuň dowam etmeginiň haýsydyr bir ýurduň bähbidine däldigini we bu söweşiň syýasy ýoldan gutarmalydygyny bilemelidirler diýdi.

Basyp alyş we urşuň Eýran üçin kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çeken Ruhani, edilýän tagallalar bilen sebite durnuklylygyň gaýdyp gelmegine umyt bildirdi.

Tags