Oct 14, 2020 22:28 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Amerikanyň prezidentleri Eýrany saýlaw guraly hökmünde ulanýarlar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleri Eýrany uzak wagt bäri saýlaw guraly hökmünde ulanýarlar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh çarşenbe güni twit ýazyp, ABŞ-nyň prezidentleriniň Eýrany saýlaw guraly hökmünde köpden bäri ulanýandygyny aýtdy.

Ol sözüniň dowamynda  ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump bir gün Tährandan edilen jaň baradaky bolgusyz hyýallary barada gürrüň berýär, ertesi gün bolsa terror pyrkasynyň galp hasabyndan esassyz dildüwşük teoriýalaryny neşir edýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh Donald Trump twit arkaly ABŞ-nyň beýikligini dikeltmegi isleýär diýdi.

Tags