Eýranyň ýarag çäklendirmeleriniň soňlanmagy baradaky beýany
(last modified Sun, 18 Oct 2020 08:42:38 GMT )
Oct 18, 2020 13:42 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ýarag çäklendirmeleriniň soňlanmagy baradaky beýany

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Eýranyň ýarag gadaganlyklarynyň soňlanmagy bilen baglanyşykly resmi beýanatynda Şu günden başlap, Eýran Yslam Respublikasy kanuny çäklendirmesiz we diňe goranyş zerurlyklaryndan ugur alyp, islendik çeşmeden zerur ýaraglary we enjamlary satyn alyp biler, şeýle hem syýasatlaryna esaslanyp goranyş ýaraglaryny eksport edip biler diýip yglan etdi.

IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä "Bu gün, halkara jemgyýetçiligi üçin ABŞ režiminiň tagallalaryna garamazdan BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna we hemmetaraplaýyn bilelikdäki hereket meýilnamasyna (CJAP) boýun egdiren möhüm gün" diýip ýaňky beýanatyň dowamynda getirilendir.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň täzeliklerinden birine görä, ýarag çäklendirilmeleriň we syýahat gadagançylygynyň kesgitli we şertsiz bes edilmegi täze kararyň kabul edilmegini talap etmeýär we BMG Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan hem beýannamanyň ýa-da başga bir çäre görülmegi gerekli däldir diýip Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi nygtap geçdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi daşary syýasatyň esasyny, agalyk etmegi we basyşy ret etmek hökmünde düşündirdi we haýsydyr bir çäklendirmäniň girizilmegi Eýran tarapyndan hiç haçan ykrar edilmez diýip yglan etdi.