Amerikanyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalaryna Zarifiň görkezen gaýtawuly
(last modified Tue, 27 Oct 2020 05:36:21 GMT )
Oct 27, 2020 10:36 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalaryna Zarifiň görkezen gaýtawuly

Eýranyň daşary işler ministri Waşingtonyň Eýrana garşy girizen täze sanksiýalaryna jogap edip twit ýazdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bu twitde  ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Robert O'Brien, Amerikanyň sanksiýalar mümkinçiligini Eýran halkyna has köp agyry bermek üçin ulanandygyny boýun aldy diýip ýazdy.

Ol sözüniň dowamynda "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň" sanksiýalara endikdigini "boýun almagyň wagty gelendir diýdi.

Zarif: Bu endikden dynyň. Eýrana garşy ykdysady söweş näçe köp bolsa, şonça-da Amerika tersin täsir eder we mundan başgada bolmaz diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Londondaky ilçisi hem Waşingtonyň Tährana garşy girizen täze sanksiýalaryna jogap edip twit ýazyp, şeýle ýazdy: Eýran halky we döwleti sanksiýalar syýasatyny we ABŞ-nyň iň ýokary basyşyny ýeňip geçmek üçin birleşendirler.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi duşenbe güni agşam Eýranyň Nebit ministrligini, şahamçalaryny, Nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh we Eýranyň Nebit ministrligi bilen baglanyşykly birnäçe adamy saýlaw propagandasynyň guralyna öwrülen sanksiýalar sanawyna goşdy.