Zarif, Türkiýäniň hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gynanç bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9183-zarif_türkiýäniň_hökümetine_we_halkyna_tüýs_ýürekden_gynanç_bildirdi
Eýranyň Daşary işler ministri Türkiýedäki ýer titremesine gynanýandygyny aýtdy we bu ýurduň hökümetine we halkyna duýgudaşlygyny bildirdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 30, 2020 22:44 Asia/Ashgabat
  • Zarif, Türkiýäniň hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gynanç bildirdi

Eýranyň Daşary işler ministri Türkiýedäki ýer titremesine gynanýandygyny aýtdy we bu ýurduň hökümetine we halkyna duýgudaşlygyny bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluna iberen ýüzlenmesinde Türkiýäniň hökümetine we halkyna çuňňur gynanç bildirdi we ýer titremesinde ýaralananlara saglyk arzuw etdi.

Şeýle hem Zarif, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere kömek bermäge taýýardygyny yglan etdi.

Anna güni Izmir welaýatynyň Seferihisar kenarynda 6.6 ball ululykda ýer titremesi boldy.

ýer titremesi azyndan dört adamyň ölmegine we 150-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Köp adam harabalygyň aşagynda galdy, onlarça ýaşaýyş jaýy hem ýykyldy.