Zarif: Amerika indi dünýäde hegemon bolup bilmez
Eýranyň Daşary işler ministri eger "Jo Baýden" ABŞ-da we halkara derejesinde üstünlik gazanmak isleýän bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň mundan beýläk dünýäde hegemon ýene bir ybaratda beýleki ýurtlara syýasy,ykdysady we harby taýdan musallat bolup bilmejekdigini kabul etmelidir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif,şu gün neşir edilen Eýran gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde ABŞ-nyň saýlaw wakasyny açyklap beren gürrüňlerinde Donald Trumpyň daşary syýasaty, ýurdy gozgalaňçy elemente öwürmek bilen Amerikanyň taryhdaky iň şowsuz daşary syýasatlaryndan biri boldy diýdi.
Zarif ABŞ-nyň içinde Trumpyň ýeňilmegi daşary syýasata esaslanmandygyny aýtmak bilen gynansagam, Trumpyň dünýädäki örän howply daşary syýasaty içerki ýeňlişinde uly rol oýnamady we bu Amerikan jemgyýetiniň ugruna gönükdirilen ajaýyp nokat, bu tutuş dünýä üçin duýduryş bolmaly we Amerikan jemgyýetiniň ekstremizme meýilli bolandygyny düşündirýändir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Ýewropalylar Trump döwründen öwrenmeli we daşary syýasatyň ABŞ-nyň saýlawlarynyň möhüm meseleleriniň biri däldigini göz öňünde tutup, Waşingtonda öz bähbitleriniň we geljeginiň kesgitlenmegine ýol bermeli däldirler diýip beýan etdi.
Zarif, Trumpyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmak syýasatynyň we Eýrana edýän iň ýokary basyşynyň başa barmandygyny aýtmak bilen Jo Baýdeniň halkara sahnasyndaky üstünligi we şowsuzlygy, özüni we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny dünýä güýçleriniň Günbatardan Gündogara geçmegine näderejede uýgunlaşdyrjak bolýandygyna ýa-da bu geçişiň öňüni almak üçin özünden öňki adamlar ýaly biderek synanyşmagyna baglydyr diýdi.