Nov 25, 2020 17:21 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ABŞ-nyň geljekki administrasiýasy Trumpyň ýalňyş syýasatlarynyň öwezini dolmalydyr

Eýranyň prezidenti, ABŞ-nyň häzirki prezidentiniň käbir weýran ediji hereketlerine ünsi çekip, ABŞ-nyň geljekki prezidenti baýden-iň, "Donald Trump" -yň adam hukuklaryna garşy we terrorçylyk ugurda alyp barýan syýasatlaryny we hereketlerini aç-açan ýazgarmalydygyny we ýalňyş syýasatlarynyň öwezini dolmalydygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda Eýran halkynyň ykdysady söweşdäki çydamyna ýokary baha berdi we şeýle diýdi: Eýran halkynyň ýeňşiniň we duşmanyň bu ykdysady söweşde ýeňlişe sezewar bolmagynyň ajaýyp görnüşlerinden biri Trumpizm döwrüniň soňlamagydyr.

Ruhani ABŞ-nyň häzirki prezidentliginiň döwrüniň gutarmagy we Eýran halkyna garşy eden jenaýatlary barada durup geçdi:Trump taryhda Eýran we Palestina ýaly garaşsyz döwletlere we milletlere garşy iň erbet jenaýatlary etdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de, Trumpyň halkara köpçüliginde, hukuk guramalarynda, ahlak kadalarynda, dünýä jemgyýetçilik pikirinde we Amerikanyň jemgyýetçilik pikirinde şowsuz bolagy onuň ABŞ-nyň prezident saýlawynda şowsuzlyga uçramagynyň sebäpkäri bilmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň geljekki administrasiýasy, geçmişdäki ýalňyşlyklaryň öwezini dolmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abraýyny gaçyran ähli hereketleriň öňünde uly işler etmelidir diýdi.

Tags