Lari: Eýran bilen Orsýet korona sanjymyny öndürmek üçin bilelikde işleýärler
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona sanjymyny taýýarlamakda Orsýet bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lari penşenbe güni Nowosti habar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde "Eýranly hünärmenler we resmiler korona sanjymyny taýýarlamak we rus korona sanjymyny öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk barada Orsýet tarapy bilen gepleşikler geçirdi" -diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Orsýetde korona sanjym öndürijisiniň haýsy biri bilen gepleşikler geçiriljekdigi barada goşmaça maglumat bermedi.
Şeýle hem Larri: "Häzirki wagtda dört sany eýran kompaniýasy korona sanjymynyň üstünde işleýändigini we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna özleriniň korona sanjymyny öndürmek baradaky işleri hakda habar berýändiklerini aýtdy.
Ondan öň Eýranyň Orsýetdäki ilçisi Kazem Jelali hem Tähranyň “kovid-19” sanjymyny döretmekde Moskwa bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny mälim etdi.