Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň şehit Fahrizadehi terror edenleriň hökman jezalandyrylmalydygyny nygtamaklary
(last modified Sat, 28 Nov 2020 09:50:06 GMT )
Nov 28, 2020 14:50 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň şehit Fahrizadehi terror edenleriň hökman jezalandyrylmalydygyny nygtamaklary

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Eýranyň ýadro alymynyň janyna kast edenleriň hökman jezalandyryljakdygyny aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý hezretleri şu gün bir sargyt boýunça Eýranyň ýadro we goranmak boýunça meşhur alymy "Mohsen Fahrizadeh" -iň şehit bolmagyna gynanç bildirmek bilen bu jenaýaty edenleri jezalandyrmagyň zerurdygyny we bu şehitiň ylmy-tehniki tagallalarynyň yzarlanmagynyň zerurdygyny beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy sözüniň üstüni ýetirdiler: "Jenaýatçy we zalym hakyna tutulanlar tarapyndan şehit edilen bu ýadro we goranmak alymy, beýik we dowamly ylmy tagallalary üçin Hudaýyň ýolunda eziz we gymmatly janyny pida etdi, şehitligiň ýokary derejesi onuň ylahy sylagydyr."

Eýranyň Goranmak ministrliginiň gözleg we innowasiýa guramasynyň başlygy Mohsen Fahrizadeh anna güni terrorçylykly hüjümde şehit boldy.

Tags