Nov 30, 2020 10:46 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Eýranly alymyň öldürilmegi günäkärleriň umytsyzlykdan söweşjeňligini görkezýär

Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň beýik alymynyň janyna kast edilmeginde Ysraýylyň rolunyň çynlakaý alamatlarynyň bardygyny belläp bu terror bu hereketi edenleriň umytsyzlyk sebäpli görkezen söweşijiligini görkezýär diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Muhammet Jawad Zarif özüniň twitter hasabynda fransuz dilinde terrorçylaryň beýik eýranly alymy öldürendigini ýazymak bilen Ysraýylyň rolunyň çynlakaý alamatlary bolan bu gorkaklyk ýüzünden bolan hereket, günäkärleriň we Jenaýatçylaryň umytsyzlykdan söweşjeňligini görkezýär diýip nygtady.

Zarif: "Eýran halkara jemgyýetçiligini, şol sanda Ýewropa Bileleşigini goşa standartlardan ýüz öwürmäge we bu döwlet terroryny ýazgarmaga çagyrýar diýdi.

Geçen anna güni ýaragly terrorçy elementler Goranmak we ýaragly güýçler ministrliginiň gözleg we innowasiýa guramasynyň başlygy we ýurduň ýadro pudagyndaky alym "Mohsen Fahrizadeh" -iň awtoulagyna hüjüm edip, ony şehit etdiler.

Şu wagta çenli Orsýet, Wenesuela, Günorta Afrika we Türkiýe ýaly köp ýurt Eýranyň ýadro alymy Mohsen Fahrizadehiň öldürilmegini ýazgardylar.

Tags