Dec 06, 2020 18:03 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Trumpyň Eýranyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak islegi puja çykandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň nebit we nebithimiýa önümleriniň eksporty ugurynda ABŞ-nyň ykdysady söweşiniň köp päsgelçilikleri döredendigine yşarat edip Donald Trumpyň Eýranyň nebit eksportyny nola çenli azaltmak islegi hiç haçan amala aşmady we bu islegi özi bilen alyp gider diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, ýekşenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň ýüz segsen bäşinji mejlisinde ýurduň nebit önümçiligini eksport üçin tebigy kuwwatyna ýetirmäge taýyn bolmagyň zerurdygyny aýtmak bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň durmuşa geçirilmegi we sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen gysga wagtyň içinde Eýranyň nebitiniň satuwy iki million çelege ýetdi we amaly gurallara we gymmatly tejribä garamazdan, häzirki wagtda nebit önümçiligini çalt ýokarlandyrmaga taýynlyk bar diýdi.

döwletiň ykdysady ştab-kwartirasynyň kararyna görä, Eýranyň Nebit ministrligi, nebit pudagynyň çeşmelerini we enjamlaryny ýakyn üç aýyň içinde bar bolan kuwwata laýyklykda öndürmek we satmak üçin taýýarlamak üçin ähli zerur çäreleri görmelidir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, bu ýygnagyň dowamy hökmünde indiki ýyl býudjetinde (1400 HŞ) ykdysady aktiwistler we halk köpçüligi üçin aç-açan we köp sanly habaryň bardygyny aýtmak bilen Maksatly girdeji töleglerini göz öňünde tutup, işgärleriň, işçileriň we aýlyk alýanlaryň aýlyk hakynyň garşysyndaky bahaçylygyň öwezini dolmak, halkyň zerurlyklaryna esaslanýan esasy harytlary üpjün etmek, zawod önümçiligi üçin çig mallary üpjün etmek we iň esasysy ýurduň infrastrukturasynyň ösüşini çaltlaşdyrmak geljek ýyl býudjetiniň iň möhüm habarlaryndandyr diýip beýan etdi.

Ruhani, korona we sanksiýalaryň päsgelçilikleriniň kärhanalaryň işlerine zyýanlary ýetirendigine yşarat edip şeýle görlüp-eşidilmedik ýagdaýlarda döwlet garyplaryň sosial we ykdysady taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmak we işçi güýjüni goldamak üçin mümkin bolan ähli strategiýalary we mümkinçilikleri ulandy diýdi.

Tags