Ruhani: Eýran soňky ýeňişe çenli Siriýanyň döwleti we halky tarapyndan durar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: "Eýran Yslam Respublikasy, strategiki ýarany hökmünde Siriýanyň hökümetini we halkyny goldamak baradaky kararyny we islegini dowam etdirer we soňky ýeňişe çenli Siriýanyň ýanynda durar" -diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni Tähranda Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal Mikdad bilen bolan duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň hemişe Siriýanyň halky we hökümeti tarapyndan durjakdygyny aýtmak bilen Sionist basybalyjylara we terrorçylyga garşy göreş Eýran bilen Siriýa ýurtlarynyň umumy maksadydyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Eýran syýasy taýdan hemişe Siriýanyň hökümetiniň tarapynda durar we bu meselede Siriýanyň bähbitlerini we territorial bitewiligini goramak üçin Astana prosesini peýdaly hasaplaýar we oňa çynlakaý çemeleşer diýdi.
Ruhani, şeýle hem ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň Siriýanyň bir bölegini basyp alýan Sionist duşmanyna birikdirmek synanyşygyna yşarat edip Golan ýaly basyp alnan ýerler azat edilýänçä Sionist basybalyjylara garşy durmalydyr diýip beýan etdi.
prezident Ruhani Şehit Soleýmanyň şehit edilmeginden duşmanlarynyň maksady diňe bir Eýran halkynyň çydamyndan däl, eýsem sebitdäki halklaryň çydamyndan hem ar almakdy, we şehit Fahrizadehiň şehit edilmegi bilen hem ylym we tehnologiýanyň ösüşinden ar almak isleýärdi diýdi.
Faýsal Mekdad hem Tähran bilen Damaskyň arasyndaky gatnaşyklary dünýädäki iň gymmatly we abraýly syýasy gatnaşyklaryň biri diýip atlandyrdy.
Siriýanyň Daşary işler ministri Fahrizadehiň we Sardar Soleýmanyň şehit bolmagyna gynanç bildirip şeýle jenaýat edenler bu şehitleriň ganynyň dökülmegi sebit halyklaryny ýeňiş gazanmak üçin has tutanýerli eder diýip nygtady.