Zarif: Eziz Azerbaýjanymyz hakda hiç kim gürläp bilmez
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Türkiýäniň prezidentiniň Bakuwdaky sözlerine jogap edip: "Hiç kim eziz Azerbaýjanymyz hakda gürleşip bilmez" -diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Eýranyň Daşary işler ministri" Muhammet Jawad Zarif anna güni Türkiýäniň prezidentiniň aýdan sözlerine jogap hökmünde twitde şeýle ýazdy: "Ärdogana Bakuwda ýalňyş okan goşgusynyň Arasyň demirgazyk sebitlerini dogduk mekany Eýrandan zor bilen bölmek hakdadygy aýdylmadymy!"
Zarif bu twitinde Ärdoganyň Azerbaýjan respublikasynyň dolandyryşyna garşy çykyş edendigini bilmeýändigini sorap "Hiç kim eziz Azerbaýjanymyz hakda gürleşip bilmez" -diýip nygtap geçdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Ermeni basyp alan ýerleriniň azat edilmegi mynasybetli Azerbaýjan güýçleriniň harby paradyna gatnaşmak üçin penşenbe güni Bakuwa bardy.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň hem gatnaşan dabarasynda Ärdogan Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň serhedindäki Aras derýasy barada birneme separatistik goşgy okady.